1
Matta 19:26
Mukaddes Kitap
TukLat16
Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, emma Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi.
ប្រៀបធៀប
រុករក Matta 19:26
2
Matta 19:6
Şeýlelikde, olar indi iki däl, bir tendir. Şonuň üçin hem Hudaýyň birleşdirenini ynsan aýyrmasyn» diýdi.
រុករក Matta 19:6
3
Matta 19:4-5
Isa hem: «Siz näme „Ýaradanyň Özi owal-başda ynsanlary erkek we aýal edip ýaratdy“ diýen sözleri okamadyňyzmy? „Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar“.
រុករក Matta 19:4-5
4
Matta 19:14
Isa bolsa: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbi Gögüň Şalygy şular ýalylaryňkydyr» diýdi.
រុករក Matta 19:14
5
Matta 19:30
Emma ilkinjileriň köpüsi soňkular, soňkularyň köpüsi hem ilkinjiler bolar» diýdi.
រុករក Matta 19:30
6
Matta 19:29
Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çaga-çugalaryny, ýerlerini taşlan her kes yzyna ýüz esse edip gaýtaryp alar. Olar baky ýaşaýşyň mirasdüşeri bolarlar.
រុករក Matta 19:29
7
Matta 19:21
Isa oňa: «Müýnsüz bolaýyn diýseň, git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.
រុករក Matta 19:21
8
Matta 19:17
Isa: «Näme üçin Menden ýagşylyk hakynda soraýarsyň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. Baky ýaşaýşa gowuşmak isleýän bolsaň, Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý et» diýdi.
រុករក Matta 19:17
9
Matta 19:24
Men size ýene-de şuny aýdýaryn, bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi.
រុករក Matta 19:24
10
Matta 19:9
Men size şuny diýýärin: kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, zyna edýändir» diýip jogap berdi.
រុករក Matta 19:9
11
Matta 19:23
Isa şägirtlerine: «Size dogrusyny aýdýaryn, baý adamyň Gögüň Şalygyna girmegi kyndyr.
រុករក Matta 19:23
គេហ៍
ព្រះគម្ពីរ
គម្រោងអាន
វីដេអូ