1
Ýeşuwa 6:2
Mukaddes Kitap
TukLat16
Ähli urşujylaryň bilen alty günüň dowamynda, günde bir gezek galanyň daşyndan aýlan.
Compare
Explore Ýeşuwa 6:2
2
Ýeşuwa 6:5
Ýeşuwa ruhanylary çagyryp, olara: «Rebbiň Äht sandygyny göteriň, ýedi sany ruhany bolsa goçuň şahyndan edilen ýedi surnaýy göterip, Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýöresin» diýdi.
Explore Ýeşuwa 6:5
3
Ýeşuwa 6:3
Goý, ýedi ruhanynyň hersi goçuň şahyndan edilen bir surnaýy alyp, Äht sandygynyň öňünden ýöresin. Ýedinji gün siz galanyň daşyndan ýedi gezek aýlanyň, şol wagt ruhanylar hem surnaýlaryny çalsynlar.
Explore Ýeşuwa 6:3
4
Ýeşuwa 6:4
Batly çalnan surnaýlaryň seslerini eşiden badyňyza, ähliňiz gaty sesiňiz bilen gygyryň, şonda galanyň diwarlary ýykylar. Şol wagt ähli adamlar galanyň içine kürsäp girsinler».
Explore Ýeşuwa 6:4
5
Ýeşuwa 6:1
Onsoň Reb Ýeşuwa şeýle tabşyrdy: «Ine, Men Ýeriho galasyny we onuň edermen urşujylary bilen birlikde onuň hanyny seniň eliňe berýärin.
Explore Ýeşuwa 6:1
6
Ýeşuwa 6:16
Bu gala we ondaky ähli zatlar Rebbe aýry goýlandygy üçin bütinleý ýok edilmeli. Loluçylyk bilen gününi görýän Rahapdan we onuň öýündäkilerden başga ýekeje adam hem diri galmaly däldir, sebäbi Rahap biziň iberen içalylarymyzy gizläp saklady.
Explore Ýeşuwa 6:16
7
Ýeşuwa 6:17
Bütinleý ýok edilmeli zatlardan daşda duruň. Göz gyzdyryp, ol zatlardan ýekejesini alsaňyz-da, siz Ysraýyl düşelgesine weýrançylyk we betbagtçylyk getirersiňiz.
Explore Ýeşuwa 6:17