YouVersion Logo
Search Icon

Rimliler 10

10
10-njy bap
1Eý, doganlar, ysraýyl halkynyň halas bolmagy meniň köňül küýsegimdir. Men bu hakda elmydama Hudaýa doga-dileg edýärin. 2Çünki Hudaýyň buýruklaryny berjaý etmekde olaryň diýseň yhlaslydygyna özüm diri şaýat. Emma şeýle yhlasly bolsalar-da, olaryň Hudaý hakda hakyky bilimi ýok. 3Olar Hudaýyň dogrulygyna düşünmediler. Şonuň üçin-de, Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanjak bolup, Hudaýyň dogrulygyna tabyn bolmadylar. 4Isa Mesih bolsa bu Kanunyň maksadyny amala aşyrdy. Şonuň üçin-de, Oňa iman edýän her kes Hudaý tarapyndan aklanandyr. 5#Lew 18:5.Kanuna daýanýan dogrulyk barada Musa şeýle ýazýar: «Ony berjaý edýän adam aman galar». 6-7#Kan 9:4; 30:12-13.Imana daýanýan dogrulyk barada, bolsa ol şeýle diýýär: «„Ol ýere kim çykar?“, (ýagny Mesihi göklerden indirmek üçin), „Düýpsüz çukura kim iner?“, (ýagny Mesihi direltmek üçin) – diýip, öz-özüňden sorama». 8#Kan 30:14.Şeýle-de, imandan bolan dogrulyk: «Bu söz saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda we ýüregiňdedir» diýýär. Bu söz bolsa biziň wagyz edýän imanymyz hakdaky habardyr. 9Şoňa görä-de, eger sen agzyň bilen Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldenine ýürekden iman etseň, halas bolarsyň. 10Çünki çyn ýürekden iman edýän adam aklanar, agzy bilen ykrar edýän hem halas bolar. 11#Işa 28:16.Mukaddes Ýazgylar hem: «Oňa bil baglan utandyrylmaz» diýýändir. 12Bu ýahudylara-da, beýleki milletlere-de degişlidir. Sebäbi hemmeleriň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr. 13#Ýow 2:32.Çünki: «Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar». 14Ýöne adamlar Hudaýa iman etmeseler, Ony nädip çagyrsyn? Hudaý barada eşitmeseler, Oňa nädip iman etsin? Hudaý barada wagyz edilmese, adamlar Ol barada nädip eşitsin?! 15#Işa 52:7.Eger wagyzçylar iberilmese, nädip wagyz edilsin? Wagyzçylar barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Hoş Habary yglan edýäniň gelşi ne gözeldir!». 16#Işa 53:1.Ýöne bu habary hemmeler kabul etmedi. Işaýa hem bu barada: «Ýa Reb, biziň habarymyza kim ynandy?» diýip soraýar. 17Şunlukda, iman eşitmekden, hawa, Isa Mesih hakdaky Hoş Habary eşitmekden döreýändir. 18#Zeb 18:5.Ýöne men şuny soramakçy: eýsem ysraýyl halky Hoş Habary eşitmedimi? Elbetde, eşitdi, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr:
«Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy,
dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri».
19 # Kan 32:21. Indi şuny hem soraýyn: ýa ysraýyl halky düşünmedimikä? Elbetde düşündi, sebäbi Hudaý Musa arkaly olara:
«Men hem millet bolmadyklar bilen seni gabandyraryn,
akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin»
diýipdi. 20#Işa 65:1-2.Işaýa hem:
«Meni agtarmaýanlar Meni tapdylar,
Meni soramaýanlara Özümi aýan etdim»
diýip, Rebbiň sözlerini batyrgaýlyk bilen mälim edýär.
21Ysraýyl hakda bolsa Reb: «Men pitneçi we özdiýenli halka günuzyn ellerimi uzadyp otyryn» diýip aýdýar.

Currently Selected:

Rimliler 10: TukLat16

Highlight

Copy

Compare

Share

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in