1
Rimliler 10:9
Mukaddes Kitap
TukLat16
Şoňa görä-de, eger sen agzyň bilen Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldenine ýürekden iman etseň, halas bolarsyň.
Compare
Explore Rimliler 10:9
2
Rimliler 10:10
Çünki çyn ýürekden iman edýän adam aklanar, agzy bilen ykrar edýän hem halas bolar.
Explore Rimliler 10:10
3
Rimliler 10:17
Şunlukda, iman eşitmekden, hawa, Isa Mesih hakdaky Hoş Habary eşitmekden döreýändir.
Explore Rimliler 10:17
4
Rimliler 10:11-13
Mukaddes Ýazgylar hem: «Oňa bil baglan utandyrylmaz» diýýändir. Bu ýahudylara-da, beýleki milletlere-de degişlidir. Sebäbi hemmeleriň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr. Çünki: «Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar».
Explore Rimliler 10:11-13
5
Rimliler 10:15
Eger wagyzçylar iberilmese, nädip wagyz edilsin? Wagyzçylar barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Hoş Habary yglan edýäniň gelşi ne gözeldir!».
Explore Rimliler 10:15
6
Rimliler 10:14
Ýöne adamlar Hudaýa iman etmeseler, Ony nädip çagyrsyn? Hudaý barada eşitmeseler, Oňa nädip iman etsin? Hudaý barada wagyz edilmese, adamlar Ol barada nädip eşitsin?!
Explore Rimliler 10:14
7
Rimliler 10:4
Isa Mesih bolsa bu Kanunyň maksadyny amala aşyrdy. Şonuň üçin-de, Oňa iman edýän her kes Hudaý tarapyndan aklanandyr.
Explore Rimliler 10:4