YouVersion Logo
Search Icon

Matta 2

2
2‑nji bap
Müneçjimler gündogardan gelýär
1 Isa Hirod patyşanyň döwründe Ýahudyýanyň Beýtullaham şäherinde eneden doguldy. Şonda müneçjimler gündogardan Iýerusalime gelip: 2«Ýahudylaryň patyşasy bolup doglan nirede? Biz Onuň dogluş ýyldyzyny gördük we Oňa sežde etmäge geldik» diýdiler. 3Hirod patyşa muny eşidende, onuň özi-de, tutuş Iýerusalim halky-da galagopluga düşdi. 4Ol ähli ýolbaşçy ruhanylary, Töwrat mugallymlaryny ýygnap, olardan Mesihiň nirede dogulmalydygy hakynda sorady. 5Olar şeýle jogap berdiler: «Ol Ýahudyýadaky Beýtullaham şäherinde dogulmaly, sebäbi pygamber şeýle ýazypdyr:
6 # Mik 5:2. „Emma sen, eý, Ýahuda ýurdundaky Beýtullaham!
Ýahuda hökümdarlarynyň arasynda asla kiçisi dälsiň sen.
Çünki senden bir Hökümdar çykar,
halkym Ysraýylyň çopany bolar“».
7Onsoň Hirod müneçjimleri gizlin çagyryp, olardan ýyldyzyň haçan görnendigi barada jikme-jik sorady. 8Hirod: «Baryň, çaga baradaky habaryň anygyna ýetiň. Ony tapan badyňyza, maňa habar beriň. Menem baryp, Oňa sežde etjek» diýip, olary Beýtullahama iberdi. 9Olar patyşany diňläp, ýola düşdüler. Ine, olaryň gören dogluş ýyldyzy ýene peýda boldy we öňlerine düşüp, çaganyň doglan ýeriniň üstüne gelip durdy. 10Ýyldyzy görenlerinde, olaryň şatlyklarynyň çägi bolmady. 11Olar öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Şonda dyza çöküp, Oňa sežde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, hoşboý tütetgiler we mür#2:11 Mür – atyr ýasamakda we merhumy jaýlamakda ulanylan ýakymly ysly ösümlik. Sözlüge seret. sowgat berdiler. 12Hirodyň ýanyna gaýdyp barmazlyk hakda düýş arkaly duýduryş berlensoň, müneçjimler öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.
Ýusup maşgalasy bilen Müsüre gaçýar
13Müneçjimler gidenden soň, Rebbiň bir perişdesi Ýusubyň düýşüne girip: «Tur! Çaga bilen ejesini al-da, Müsüre gaç. Özüm habar berýänçäm, şol ýerde gal, sebäbi Hirod çagany öldürmek üçin Onuň gözlegine çykmakçy bolýar» diýdi. 14Şeýlelikde, Ýusup turdy-da, çaga bilen Onuň ejesini alyp, şol gije Müsüre tarap ýola düşdi. 15#Hoş 11:1.Ol tä Hirod ölýänçä, şol ýerde galdy. Şunlukda, Rebbiň: «Oglumy Müsürden çagyrdym» diýip, pygamber arkaly aýdan sözi berjaý boldy.
16Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi. 17Şeýdip, Ýermeýa pygamberiň şu aýdanlary berjaý boldy:
18 # Ýrm 31:15. «Ramadan bir ses eşidildi,
agy we ajy perýat sesleri,
Rahel çagalary üçin aglaýar,
teselli berilmegini islemeýär,
çünki olar indi ýok».
Ýusup maşgalasy bilen Nasyra gaýdyp gelýär
19Hirod ölenden soň, Rebbiň bir perişdesi Müsürde Ýusubyň düýşüne girip: 20«Tur, çaga bilen Onuň ejesini al-da, Ysraýyla dolan, sebäbi çaganyň janynyň kastyna çykanlar öldi» diýdi. 21Onsoň Ýusup çaga bilen ejesini alyp, Ysraýyla gaýtdy. 22Ýöne Arhelanyň öz atasy Hirodyň ýerine Ýahudyýanyň patyşasy bolanyny eşidip, ol ýere barmaga gorkdy. Düýşüň üsti bilen duýduryş berlensoň, ol Jelile welaýatyna tarap ýola düşdi. 23Ol ýere baryp, Nasyra diýen şäherde mesgen tutdy. Şeýdip, pygamberler arkaly: «Oňa nasyraly diýler» diýip aýdylan söz berjaý boldy.

Currently Selected:

Matta 2: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in

YouVersion uses cookies to personalize your experience. By using our website, you accept our use of cookies as described in our Privacy Policy