YouVersion Logo
Search Icon

Matta 1

1
1‑nji bap
Isa Mesihiň nesil daragty
(Luka 3:23-38)
1 Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir: 2Ybraýymdan Yshak, Yshakdan Ýakup, Ýakupdan Ýahuda we onuň doganlary dünýä indi. 3Ýahudadan Peres bilen Zerah doguldy, olaryň ejesi Tamardy. Peresden Hesron, Hesrondan Ram doguldy. 4Ramdan Eminadap, Eminadapdan Nahşon, Nahşondan Salmon doguldy. 5Salmondan Bowaz dünýä indi, onuň ejesi Rahapdy. Bowazdan Obet dünýä indi, onuň ejesi Rutdy. Obet Ýyşaýyň kakasydy. 6Ýyşaýdan Dawut patyşa doguldy. Dawutdan Süleýman dünýä indi, onuň ejesi Uryýanyň dul aýaly Batşebady. 7Süleýmandan Rehabgam, Rehabgamdan Abyýa, Abyýadan Asa, 8Asadan Ýehoşapat, Ýehoşapatdan Ýehoram, Ýehoramdan Uzyýa doguldy. 9Uzyýadan Ýotam, Ýotamdan Ahaz, Ahazdan Hizkiýa, 10Hizkiýadan Manaşa, Manaşadan Amon, Amondan Ýoşyýa doguldy. 11Ýoşyýa Babyl sürgüniniň öňüsyrasynda doglan Ýekonýanyň we onuň doganlarynyň atasydy. 12Ýekonýa Babyl sürgüninden soňra doglan Şeýaltyýeliň atasydy. Şeýaltyýelden Zerubabyl, 13Zerubabyldan Abyhut, Abyhutdan Eliýakym, Eliýakymdan Azor, 14Azordan Sadok, Sadokdan Akym, Akymdan Elihut, 15Elihutdan Elgazar, Elgazardan Mattan, Mattandan Ýakup doguldy. 16Ýakup Merýemiň adamsy Ýusubyň atasydy, Merýemden bolsa Mesih#1:16 Mesih – ýewreýler bu sözi Hudaý tarapyndan wada berlen Patyşa babatynda ulanýarlar. Sözlüge seret. diýip atlandyrylan Isa doguldy.
17Şeýlelikde, Ybraýymdan Dawuda çenli bolan nesiller jemi on dört arkadyr. Dawutdan Babyl sürgünine çenli hem on dört, Babyl sürgüninden Mesihe çenli hem on dört arkadyr.
Isa Mesih dogulýar
(Luka 2:1-7)
18 Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Merýem bilen Ýusup adaglydy, emma olar entek ýassykdaş bolmankalar, Merýem özüniň Mukaddes Ruh arkaly göwreli bolandygyny bildi. 19Onuň adaglysy Ýusup dogruçyl adamdy, şoňa görä ol Merýemiň ile masgara bolmagyny islemän, ony ýaşyryn aýryp goýbermegi ýüregine düwdi. 20Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr. 21Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa#1:21 Isa – bu söz «Reb halas edýär» diýmegi aňladýar. dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi. 22-23#Işa 7:14.Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly: «Ine, boý gyz göwreli bolup, Ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakarlar» diýip aýdan sözüniň berjaý bolmagy üçin boldy. Bu at «Hudaý biziň bilendir» diýmegi aňladýar. 24Ýusup ukudan oýanansoň, Rebbiň perişdesiniň buýrugyny ýerine ýetirip, Merýeme öýlendi. 25Emma Merýem ogluny#1:25 Ogluny – käbir golýazmalarda nowbahar ogluny. dogurýança, Ýusup oňa ýanaşmady. Ýusup doglan çaganyň adyna Isa dakdy.

Currently Selected:

Matta 1: TukLat16

Highlight

Share

Copy

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in

YouVersion uses cookies to personalize your experience. By using our website, you accept our use of cookies as described in our Privacy Policy