1
Rimliler 15:13
Mukaddes Kitap
TukLat16
Mukaddes Ruhuň güýji bilen umydyňyzyň artmagy üçin, umydyň gözbaşy bolan Hudaý imanyňyz arkaly, goý, sizi şatlykdan we parahatlykdan pürepür etsin.
Compare
Explore Rimliler 15:13
2
Rimliler 15:4
Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlaryň bary bize taglym öwretmek üçin ýazylandyr. Biz Mukaddes Ýazgylar arkaly sabyr-takatly bolmagy öwrenýäris, olaryň berýän tesellisi arkaly umytlydyrys.
Explore Rimliler 15:4
3
Rimliler 15:5-6-5-6
Isa Mesihe eýerip, Onuň Atasy bolan Hudaýymyzy bir ýürekden we biragyzdan şöhratlandyryp bileriňiz ýaly, goý, sabyrlylygyň we teselliniň gözbaşy bolan Hudaý size agzybirlik bersin.
Explore Rimliler 15:5-6-5-6
4
Rimliler 15:7
Şoňa görä-de, Hudaýy şöhratlandyrmak üçin, Isa Mesih sizi nähili kabul eden bolsa, siz-de biri-biriňizi şonuň ýaly kabul ediň.
Explore Rimliler 15:7
5
Rimliler 15:2
Biziň her birimiz öz ýakynynyň imanyny güýçlendirjek zatlaryň pikirini edip, onuň göwnünden turmalydyrys.
Explore Rimliler 15:2