1
Rimliler 14:17-18
Mukaddes Kitap
TukLat16
Çünki Hudaýyň Şalygy iýmek-içmek däl-de, Mukaddes Ruhuň peşgeş berýän dogrulygy, parahatlygy we şatlygydyr. Kim Isa Mesihe şeýle hyzmat edýän bolsa, Hudaýy hoşnut edip, adamlaryň hormatyna mynasypdyr.
Compare
Explore Rimliler 14:17-18
2
Rimliler 14:8
Ýaşaýan bolsak, Reb üçin ýaşaýandyrys, ölýän bolsak, Reb üçin ölýändiris. Şoňa görä, ýaşasak-da, ölsek-de, Rebbe degişlidiris.
Explore Rimliler 14:8
3
Rimliler 14:19
Şonuň üçin-de, parahatlyga, biri-birimizi imanda güýçlendirmäge ýardam etjek işleri etmäge dyrjaşalyň.
Explore Rimliler 14:19
4
Rimliler 14:13
Şoňa görä-de, biri-birimizi ýazgarmalyň. Gaýtam, doganymyzyň büdräp, ýykylmagyna sebäp bolaýjak hereketlerden saklanmagyň pikirini edeliň.
Explore Rimliler 14:13
5
Rimliler 14:11-12
Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Reb: „Öz barlygymdan ant içýärin, her kes öňümde dyz eper, her bir dil Meni alkyşlar“ diýýär». Hawa, her birimiz Hudaýyň öňünde özümiz üçin jogap bereris.
Explore Rimliler 14:11-12
6
Rimliler 14:1
Imany gowşagy onuň garaýyşlary barada jedelleşmezden kabul ediň.
Explore Rimliler 14:1
7
Rimliler 14:4
Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarar ýaly sen kimmişiň?! Hyzmatkäriň özüne buýrulanlary berjaý edip-etmändigini diňe onuň hojaýyny kesgitleýändir. Ýöne hyzmatkär özüne buýrulanlary berjaý edip biler, sebäbi onuň hojaýyny Rebdir, Ol hyzmatkärini kuwwatlandyrmagy başarýandyr.
Explore Rimliler 14:4