1
Işaýa 40:29
Mukaddes Kitap
TukLat16
Ol ejizleri kuwwatlandyrýar, mejalsyzlaryň güýjüni artdyrýar
Compare
Explore Işaýa 40:29
2
Işaýa 40:30-31
Hatda ýaşlar-da ysgyndan gaçyp, ýadaýarlar, ýaş ýigitler-de büdräp, ýykylýarlar. Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.
Explore Işaýa 40:30-31
3
Işaýa 40:28
Bilmeýärsiňizmi? Eşitmediňizmi? Reb – ebedi Hudaý, ýeriň ähli künjeginiň Ýaradyjysy. Ol ejizleýän ýa-da ýadaýan däldir, Onuň düşünjesine akyl ýetmez.
Explore Işaýa 40:28
4
Işaýa 40:3
Bir ses gygyrýar: «Sährada Rebbe ýol taýynlaň, çölde Hudaýymyz üçin ýoda düzläň.
Explore Işaýa 40:3
5
Işaýa 40:8
Ot guraýar, gül solýar, emma Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar.
Explore Işaýa 40:8
6
Işaýa 40:5
Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar, ähli ynsanlar ony birlikde görerler, muny aýdýan Rebdir».
Explore Işaýa 40:5
7
Işaýa 40:4
Ähli dereler beýgeldiler, ähli daglar we depeler peseldiler, aňňat ýerler tekizlener, beýikli-pesli ýerler düzlüge öwrüler.
Explore Işaýa 40:4
8
Işaýa 40:11
Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär.
Explore Işaýa 40:11
9
Işaýa 40:26
Gözleriňizi göge tarap galdyryň, Bulary ýaradan kim? Reb gökdäki goşunlary ýekeme-ýeke çykarýar, atlaryny tutup, çagyrýar, Onuň zor güýjüne, beýik gudratyna görä olaryň hiç biri kemlik etmeýär.
Explore Işaýa 40:26
10
Işaýa 40:22
Zemin gümmezinde oturýan Oldur, ýerde ýaşaýanlar çekirtgeler kimindir, gökleri perde kimin gerip, ýaşamak üçin çadyr kimin ýazýan Oldur.
Explore Işaýa 40:22
11
Işaýa 40:2
Iýerusalime mylaýym sözleri aýdyň: söweş möhletiniň gutarandygyny, ýazyklarynyň geçilendigini, günäleriniň jezasyny Rebbiň elinden iki esse edip alandyklaryny yglan ediň.
Explore Işaýa 40:2
12
Işaýa 40:6-7
«Jar et!» diýýär bir ses. Men: «Nämäni jar etmeli?» diýdim. Ähli ynsanlar otluk kimindir, olaryň gözelligi meýdan güli kimindir. Reb demini üflände, ot guraýar, gül solýar. Hakykatdan hem, halk otlukdyr.
Explore Işaýa 40:6-7
13
Işaýa 40:10
Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär, Ol gudrat bilen höküm sürýär, baýragy ýanyndadyr, laýyk haky öňündedir.
Explore Işaýa 40:10
14
Işaýa 40:1
Hudaýyňyz: «Teselli beriň, halkyma teselli beriň» diýýär.
Explore Işaýa 40:1
15
Işaýa 40:12-14
Suwlary goşawujy bilen, gökleri garşy bilen ölçän kim? Ýeriň tozuny ölçege salan, Baýyrlary terezide, daglary gapanda çeken kim? Rebbiň Ruhuna kim akyl ýetirdi? Kim Oňa maslahat berip bildi? Akyl üçin Ol kimden maslahat sorady? Adalat ýoluny Oňa öwreden kim? Oňa bilim berip, paýhas ýoluny görkezen kim?
Explore Işaýa 40:12-14