1
Wagyz 8:15
Mukaddes Kitap
TukLat16
Şonuň üçin men lezzet almaklygy makul görýärin, çünki Günüň astynda ynsan üçin iýip-içmekden we lezzet almakdan gowy zat ýok. Hudaýyň Günüň astynda beren ömrüniň bütin günlerinde çeken zähmetinden ynsana hemra boljak diňe şatlykdyr.
Compare
Explore Wagyz 8:15
2
Wagyz 8:12
Günäkär ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa-da, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar.
Explore Wagyz 8:12
3
Wagyz 8:6
Ynsanyň derdi gaty agyr bolsa-da, her bir işiň öz möwriti bardyr.
Explore Wagyz 8:6
4
Wagyz 8:8
Ýeli saklamaga hiç kimiň güýji ýetýän däldir, ölüm gününi saklamaga-da hiç kimiň güýji ýetmez. Bu söweşden gaçyp bolmaýşy ýaly, pislik-de pis adamy ölüm gününden halas edip bilmez.
Explore Wagyz 8:8
5
Wagyz 8:11
Ýaman işe garşy hökümiň tiz çykarylmaýandygy üçin, ynsanlaryň ýüregi ýamanlyk etmäge taýyndyr.
Explore Wagyz 8:11
6
Wagyz 8:14
Ýer ýüzünde edilýän bir bidereklik bar: pisleriň işine mynasyp bolaýjak zat dogry adamlaryň başyna gelýär; dogry adamlaryň işine mynasyp bolaýjak zat pisleriň başyna gelýär. Men bu-da bidereklik diýýärin.
Explore Wagyz 8:14
7
Wagyz 8:7
Ol hakykatdan näme boljakdygyny bilýän däldir; kim oňa näme boljakdygyny aýdyp biler?
Explore Wagyz 8:7