1
Wagyz 7:9
Mukaddes Kitap
TukLat16
Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar.
Compare
Explore Wagyz 7:9
2
Wagyz 7:14
Ýagşy günde şat bol, gara günde muny ýatla: ynsan özünden soň näme boljagyny bilmesin diýip, Hudaý ýagşylygy-da, betbagtlygy-da ýaratdy.
Explore Wagyz 7:14
3
Wagyz 7:8
«Öňüm gelenden soňum gelsin» diýlendir; sabyrly tekepbirden gowudyr.
Explore Wagyz 7:8
4
Wagyz 7:20
Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.
Explore Wagyz 7:20
5
Wagyz 7:12
Danalygyň saýasy puluň saýasy kimindir. Bilimiň bähbidi budur: danalyk oňa eýe bolanlara ýaşaýyş berýär.
Explore Wagyz 7:12
6
Wagyz 7:1
Ýagşy at hoşboý ysly ýagdan, ölüm güni dogluş gününden gowudyr.
Explore Wagyz 7:1
7
Wagyz 7:5
Biakylyň aýdymyndan akyllynyň käýinji ýagşydyr.
Explore Wagyz 7:5
8
Wagyz 7:2
Ýas öýüne gitmek toý öýüne gitmekden gowudyr. Çünki her kesiň ahyry ölümdir; ýaşaýanlar muny ýatda saklasynlar.
Explore Wagyz 7:2
9
Wagyz 7:4
Akyllynyň ýüregi ýas öýündedir; akylsyzyň ýüregi bolsa hezillik öýündedir.
Explore Wagyz 7:4