1
Wagyz 2:26
Mukaddes Kitap
TukLat16
Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak.
Compare
Explore Wagyz 2:26
2
Wagyz 2:24-25
Adama iýip-içmekden we çeken zähmetinden lezzet almakdan başga gowy zat ýok. Emma munuň-da Hudaýdandygyna göz ýetirdim. Çünki kim Onsuz iýip, lezzet alyp bilýär?
Explore Wagyz 2:24-25
3
Wagyz 2:11
Onsoň ellerimiň eden ähli işlerine, çeken ähli zähmetime seretdim. Ine, bularyň bary biderekdi, salgyma çapmakdy. Günüň astynda hiç bir peýdaly zat ýokdy.
Explore Wagyz 2:11
4
Wagyz 2:10
Gözlerimiň islän zadyny gaýgyrmadym; ýüregimi hiç bir lezzetden mahrum etmedim; kalbym eden her işimden lezzet aldy. Bu çeken ähli zähmetimiň muzdudy.
Explore Wagyz 2:10
5
Wagyz 2:13
Ýagtylygyň garaňkylykdan bähbitli bolşy kimin, akyldarlygyň hem akmaklykdan bähbitlidigini bildim.
Explore Wagyz 2:13
6
Wagyz 2:14
«Akyllynyň gözleri başyndadyr; akylsyz bolsa garaňkylykda gezýändir. Emma hemmesiniň takdyrynyň bir ekenligini bildim».
Explore Wagyz 2:14
7
Wagyz 2:21
Çünki adam paýhas, bilim we ussatlyk bilen zähmet çekýär, ýöne ol baryny hiç bir zähmet çekmedik başga adama galdyrmaly bolýar. Bu-da biderek, uly adalatsyzlyk!
Explore Wagyz 2:21