1
Wagyz 1:18
Mukaddes Kitap
TukLat16
«Paýhas näçe köp bolsa, gussa-da şonça köpdür. Bilimini artdyrýanlar, derdini-de artdyrýandyrlar».
Compare
Explore Wagyz 1:18
2
Wagyz 1:9
Näme bolan bolsa, ýene şol bolar, näme edilen bolsa, ýene şol ediler. Günüň astynda täze zat ýok.
Explore Wagyz 1:9
3
Wagyz 1:8
Bar zat irizýär. Muny söz bilen beýan edip bolmaz. Göz görmekden doýmaýar, gulak-da eşitmekden.
Explore Wagyz 1:8
4
Wagyz 1:2-3
Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär. Ynsan Günüň astynda çekýän zähmetinden näme peýda tapýar?
Explore Wagyz 1:2-3
5
Wagyz 1:14
Günüň astynda edilýän ähli işleri gördüm; ine, bary biderek, salgyma çapmak.
Explore Wagyz 1:14
6
Wagyz 1:4
Bir nesil gidip, bir nesil gelýär; emma bu dünýä ebedilik galýar.
Explore Wagyz 1:4
7
Wagyz 1:11
Öňki bolup geçeni hiç kim ýatlamaz; indiki geljekler-de häzirki hem soňky boljak zatlary ýatlamaz.
Explore Wagyz 1:11
8
Wagyz 1:17
Akyldarlyga, telbelikdir akmaklyga düşünmäge ýüregimi berdim. Munuň-da salgyma çapmakdygyny bildim.
Explore Wagyz 1:17