Şadrak, Meýşak we Abednego Nebukadnesar patyşa şeýle jogap berdiler: «Bu ýagdaýda özümizi senden goramagyň geregi ýok. Eý, patyşahym, bizi ýanyp duran küreden halas edip bilýän Hudaý – bu biziň gulluk edýän Hudaýymyzdyr, Ol bizi seniň eliňden halas eder. Ýöne Ol bizi halas etmese-de, eý, patyşahym, şuny bilip goýgun: biz seniň hudaýlaryňa gulluk etmeris, seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeris».