Ol şeýle diýdi:
«Owaldan ebedä çenli Hudaýyň adyna alkyş ýagsyn,
çünki paýhas we gudrat Oňa mahsusdyr.
Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur.
Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar.
Ol akyldara pähim-paýhas,
düşünjelä bilim berýär.
Çuň we gizlin syrlary Ol açýar,
tümlükde näme bolýanyny Ol bilýär,
Onuň Özi nurda ýaşaýar.