Aýallar şatlykdan ýaňa:
«Şawul müňüsini,
Dawut on müňüsini öldürdi»
diýşip, aýdym aýdýardylar.
Aýallaryň bu aýdýan sözi Şawula ýakmady, onuň juda gahary geldi. Ol: «Olar Dawuda on müňüsini, maňa bolsa müňüsini berýärler. Oňa indi diňe patyşa bolaýmak galdy» diýdi.