1
1 Şamuwel 17:45
Mukaddes Kitap
TukLat16
Soňra Dawut piliştlä: «Sen meniň üstüme gylyçly, naýzaly we gamaly gelýärsiň, emma men seniň üstüňe seniň gyjalat beren Ysraýyl goşunynyň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň adyndan gelýärin.
Compare
Explore 1 Şamuwel 17:45
2
1 Şamuwel 17:47
Şu ähli halk Rebbiň gylyçdyr naýzaly halas etmeýändigini biler, çünki söweş Rebbiňkidir. Ol sizi biziň elimize berer».
Explore 1 Şamuwel 17:47
3
1 Şamuwel 17:37
Dawut sözüni dowam edip: «Meni ýolbarsdyr aýynyň penjesinden halas eden Reb şu piliştliniň elinden hem halas eder» diýdi. Şawul Dawuda: «Bar, Reb saňa ýar bolsun!» diýdi.
Explore 1 Şamuwel 17:37
4
1 Şamuwel 17:46
Şu gün Reb seni meniň elime berer we men seni urup, kelläňi keserin. Men bu gün piliştlileriň ählisiniň läşini ýyrtyjy guşlardyr ýabany haýwanlara şam ederin. Şonda tutuş ýer ýüzi Ysraýylda Hudaýyň bardygyny biler.
Explore 1 Şamuwel 17:46
5
1 Şamuwel 17:40
Soňra Dawut eline taýagyny aldy we çeşmeden bäş sany ýylmanak daş saýlap, torbasyna saldy. Sapanyny eline alyp, piliştlä golaýlaşdy.
Explore 1 Şamuwel 17:40
6
1 Şamuwel 17:32
Dawut Şawula: «Şol zerarly ýeke adamam özüni horlamasyn. Guluň gidip, ol piliştli bilen urşar» diýdi.
Explore 1 Şamuwel 17:32