Matta 6:16-18
Matta 6:16-18 TUKLAT16
Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar. Emma siz agyz bekläniňizde, başyňyza ýag guýup, ýüzüňizi ýuwuň. Şonda siziň agyz bekleýändigiňiz adamlara däl-de, diňe ýaşyryn Ataňyza görner. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.





