YouVersion Logo
Search Icon

Ysraýyl serdarlary 15

15
15‑nji bap
Şimşon piliştlilerden ar alýar
1Birnäçe günden soň, bugdaý döwegi wagtynda Şimşon bir owlak alyp, aýalyny görmäge geldi. Şimşon ýatylýan otaga öz aýalynyň ýanyna girjekdigini aýdanda, aýalynyň kakasy oňa ýol bermedi. 2Aýalynyň kakasy oňa: «Sen öz aýalyňdan ýüz öwrensiň öýdüp, men ony toý wagtynda saňa iň ýakyn dost bolana äre berdim. Ine, onuň kiçi gyz jigisi ondan hem owadan dälmi? Aýalyňyň deregine, belki, şuny alarsyň?» diýdi. 3Şimşon olara: «Indi piliştlilere ýamanlyk etsem, meniňki hak bolar» diýdi. 4Şimşon üç ýüz sany tilkini tutup, guýruklaryny jübüt-jübütden biri-birine daňdy. Soňra çyralary aldy-da, olary her iki tilkiniň guýrugynyň arasyna berkitdi. 5Ol çyralary otlap, piliştlileriň bişen bugdaýlarynyň arasyna goýberdi-de, olaryň orulmadyk bugdaýlaryny we küdelenen bugdaýlaryny, üzümlerini hem zeýtun agaçlaryny otlady.
6 Piliştliler: «Muny kim beýle etdikä? Bu timnalynyň giýewsi Şimşonyň işidir, sebäbi onuň gaýynatasy Şimşonyň aýalyny toý wagtynda Şimşona dost bolana alyp berdi» diýdiler. Şonuň üçin piliştliler ol aýaly we onuň kakasyny otladylar. 7Şimşon olara: «Siz şeýle etseňiz-de, men sizden arymy alýançam ynjalmaryn» diýdi. 8Şimşon olaryň üstüne gazap bilen topuldy-da, olaryň injiklerini we uýluklaryny döwüşdirdi. Şondan soň, ol Eýtam gaýasyndaky gowaga gitdi.
9 Piliştliler Ýahudada düşelge gurdular we tä Lehä çenli ýaýradylar. 10Ýahudanyň ilaty olardan: «Siz näme üçin biziň garşymyza çykdyňyz?» diýip soranlarynda, olar: «Şimşon bize näme eden bolsa, biz hem oňa şeýle etmek niýeti bilen ony tutup äkitmäge geldik» diýdiler. 11Üç müň sany ýahudaly çykyp, Eýtam gaýasyndaky gowaga tarap gitdiler we baryp Şimşona: «Biziň üstümizden piliştlileriň höküm sürýändiklerini sen bileňokmy näme? Sen bizi näme üçin beýtdiň?» diýdiler. Şimşon: «Olar maňa näme eden bolsalar, men hem olara şony etdim» diýdi. 12Olar: «Biz seni daňyp, piliştlileriň eline bermek üçin geldik» diýenlerinde, Şimşon olara: «Meni öldürmejegiňize ant içiň» diýdi. 13Olar: «Ýok, öldürmeris, biz seni diňe daňarys-da, piliştlileriň eline bereris» diýdiler. Ony iki sany täze tanap bilen daňdylar-da, gowakdan çykaryp alyp gitdiler.
14Olar Lehä ýetenlerinde, piliştliler ony uly gykylyk bilen garşyladylar. Şonda Rebbiň Ruhy güýç bilen Şimşona inip, oňa ägirt uly güýç berdi welin, onuň ellerini daňmak üçin ulanylan tanaplar edil otda ýanan zygyr ýaly boldy. Onuň ellerindäki tanaplar çözülip gitdi. 15Ol ýaňy ölen eşegiň guramadyk äňini tapyp, eline aldy-da, onuň bilen urup, müň adamy öldürdi. 16Şimşon şonda şeýle diýdi:
«Bir eşek äňi bilen
iki topar ýygyny ýatyrdym.
Bir eşek äňi bilen
müň adamy öldürdim».
17Şu sözleri aýdyp, elindäki äňi taşlady we ol ýere Ramatlehi#15:17 Ramatlehi – bu söz eşek äňi diýmegi aňladýar. diýip at dakdy.
18Ol özüniň örän suwsaýandygyny duýdy we Rebbe ýüzlenip: «Sen Öz guluňa beýik ýeňiş berdiň; indi bolsa men suwsuzlykdan ölüp, sünnetsiz piliştlileriň eline düşmelimi?» diýdi. 19Hudaý Lehide bir çukurjygy emele getirdi, ondan suw çykdy. Ol suwdan içip gandy, güýji yzyna gaýdyp geldi we ol kuwwatlandy. Şu günlere çenli Lehidäki şol ýere Eýnhakor#15:19 Eýnhakor – bu söz Ony çagyranyň çeşmesi diýmegi aňladýar. diýilýär.
20 Ysraýylda piliştlileriň agalyk süren döwründe, Şimşon ýigrimi ýyllap ysraýyllara serdar boldy.

Highlight

Copy

Compare

Share

None

Want to have your highlights saved across all your devices? Sign up or sign in