2 Şamuwel 18:9-10
2 Şamuwel 18:9-10 TUKLAT16
Abşalom Dawudyň adamlaryna duýdansyz sataşdy. Ol gatyr münüp gelýärdi. Gatyr uly bir dub agajynyň aşagyndan geçende, Abşalomyň kellesi agajyň şahalaryna ilişdi. Ol ýer bilen gögüň arasynda asylyp galdy, gatyr onuň aşagyndan sypyp gitdi. Bir adam ony görüp: «Abşalom dub agajyndan asylyp galypdyr» diýip, Ýowaba habar berdi.





