1 Şamuwel 8:5-6
1 Şamuwel 8:5-6 TUKLAT16
Ysraýylyň ähli ýaşululary ýygnanyşdylar we Ramada oturýan Şamuweliň ýanyna baryp: «Indi seniň-ä ýaşyň birçene bardy, ogullaryň bolsa seniň yzyňy tutmadylar. Şoňa görä, beýleki milletlerde bolşy deý, üstümizden hökümdarlyk eder ýaly, bize-de bir patyşa belle» diýip, oňa ýüz tutdular. Ysraýyl ýaşulularynyň: «Bize hökümdarlyk eder ýaly patyşa belle» diýen sözi Şamuwele ýaramady. Şamuwel Rebbe dileg etdi.





