1
Rimliler 6:23
Mukaddes Kitap
TukLat16
Çünki günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň peşgeşi bolsa Rebbimiz Isa Mesih arkaly berilýän baky ýaşaýyşdyr.
Compare
Explore Rimliler 6:23
2
Rimliler 6:14
Şonda günä size öz hökümini ýöretmez, sebäbi siz Kanunyň ygtyýarynda däl-de, merhemetiň ygtyýaryndasyňyz.
Explore Rimliler 6:14
3
Rimliler 6:4
Hawa, biz suwa çümdüriliş arkaly Mesih bilen ölüp, jaýlandyk. Şoňa görä-de, Atanyň şöhratly gudraty arkaly Mesihiň ölümden direlişi ýaly, biz hem täze ýaşaýşa eýe bolup bileris.
Explore Rimliler 6:4
4
Rimliler 6:13
Beden agzalaryňyzy ýamanlyk guraly hökmünde günäniň ygtyýaryna tabşyrmaň. Tersine, ölümden direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň. Goý, bedeniňiziň her bir agzasy Hudaýyň dogrulyk guraly bolsun.
Explore Rimliler 6:13
5
Rimliler 6:6
Biz mundan beýläk günäniň guly bolmaz ýaly, köne tebigatymyzyň Isa Mesih bilen haça çüýlenendigini bilýäris. Biz indi günäniň boýuntyrygyndan boşandyk.
Explore Rimliler 6:6
6
Rimliler 6:11
Şoňa görä-de, siz hem özüňizi günä üçin öli, Isa Mesih bilen birigendigiňiz sebäpli Hudaý üçin diri saýyň.
Explore Rimliler 6:11
7
Rimliler 6:1-2
Onda näme, Hudaý Öz merhemetini bize köpden-köp görkezsin diýip, günä edibermelimi? Elbetde, ýok! Biz günä babatda öldük ahyryn. Onsoň neneň edip günä içinde ýaşap bileris?
Explore Rimliler 6:1-2
8
Rimliler 6:16
Eýsem siz özüňizi kimiň tabynlygyna tabşyrsaňyz, şonuň-da guluna öwrülýändigiňizi bilmeýäňizmi näme? Siz nämäniň guly: ölüme eltýän günäniň gulumy ýa-da dogrulyga eltýän tabynlygyň guly?
Explore Rimliler 6:16
9
Rimliler 6:17-18
Hawa, siz günäniň guludyňyz, ýöne Hudaýa şükür, kabul eden taglymatyňyza ýürekden tabyn bolduňyz, günäniň ygtyýaryndan azat edilip, dogrulyk gullary bolduňyz.
Explore Rimliler 6:17-18