1
Rimliler 12:2
Mukaddes Kitap
TukLat16
Bu dünýäniň ýörelgelerine uýgunlaşjak bolmaň. Tersine, pikirleriňizi täzeläp, özgeriň. Şeýtseňiz, Hudaýyň islegine düşünmegi, ýagny Ony nämäniň hoşal edýändigini, nämäniň oňat we kämildigini bilmegi başararsyňyz.
Compare
Explore Rimliler 12:2
2
Rimliler 12:1
Şoňa görä-de, eý, doganlar, Hudaýyň merhemetiniň hatyrasy üçin size ýalbarýaryn: özüňizi Onuň halajak diri we mukaddes gurbanlygy hökmünde hödürläň. Şeýtseňiz, Hudaýyň huzurynda mynasyp tärde hyzmat etdigiňiz bolar.
Explore Rimliler 12:1
3
Rimliler 12:12
Umydyňyzyň bardygyna begeniň, muşakgatlara çydamly boluň, doga-dilegde erjel boluň.
Explore Rimliler 12:12
4
Rimliler 12:21
Ýamanlyk senden üstün gelmesin, tersine, ýagşylyk edip, ýamanlykdan üstün bol.
Explore Rimliler 12:21
5
Rimliler 12:10
Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen tüýs ýürekden söýüň. Biri-biriňizi hormatlap, başgalary özüňizden ýokary tutuň.
Explore Rimliler 12:10
6
Rimliler 12:9
Söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn. Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň.
Explore Rimliler 12:9
7
Rimliler 12:18
Oňardygyňyzdan hemmeler bilen parahat ýaşajak boluň.
Explore Rimliler 12:18
8
Rimliler 12:19
Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär.
Explore Rimliler 12:19
9
Rimliler 12:11
Yhlasyňyz gowşamasyn, Mukaddes Ruhuň berýän hyjuwy bilen Rebbe hyzmat ediň.
Explore Rimliler 12:11
10
Rimliler 12:3
Özüme berlen merhemetden peýdalanyp, siziň hemmäňize şulary diýýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Tersine, Hudaýyň her kime beren imanyna görä özüňiz babatda sagdyn düşünjeli boluň.
Explore Rimliler 12:3
11
Rimliler 12:17
Ýamanlyga ýamanlyk etmäň, tersine, hemmelere ýagşylyk etmäge ymtylyň.
Explore Rimliler 12:17
12
Rimliler 12:16
Biri-biriňiz bilen oňşukly boluň. Tekepbir bolmaň, sada adamlar bilen dost boluň, özüňizi beýlekilerden akylly saýmaň.
Explore Rimliler 12:16
13
Rimliler 12:20
Gaýtam Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlary berjaý ediň: «Duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa, suw ber. Şonda onuň başyna köz goýarsyň».
Explore Rimliler 12:20
14
Rimliler 12:14-15
Özüňize azar berýänlere gargamaň, tersine, olar üçin ýagşylyk diläň. Şatlanýanlaryň şatlygyna şatlanyň, aglaýanlaryň agysyna aglaň.
Explore Rimliler 12:14-15
15
Rimliler 12:13
Imandaky doganlaryňyz mätäçlik çekse, olara kömek beriň, myhmansöýer boluň.
Explore Rimliler 12:13
16
Rimliler 12:4-5
Bedenimizi mysal hökmünde alalyň: ol bir bolsa-da, agzalary köpdür, hersiniň-de öz hyzmaty bardyr. Biz babatda hem şeýle: köp bolsak-da, Mesih arkaly bir bedendiris, onuň agzalary hökmünde biri-birimize baglydyrys.
Explore Rimliler 12:4-5