Hawa, olar hakykaty ret edensoňlar, Hudaý olary özleriniň wejera höweslerine tabşyrdy. Hatda aýallar hem tebigy jyns gatnaşygyny ret etdiler. Olar tebigy bolmadyk jyns gatnaşyklara ýüz urup, biri-birleri bilen ýatyp turýarlar. Şonuň ýaly, erkekler hem aýal bilen jyns gatnaşygyny terk edip, biri-birine bolan meýil heserine ýanýarlar. Erkekler erkekler bilen ryswalyk edip, öz azgynlyklaryna laýyk jeza alýarlar. Bu adamlar Hudaýy tanamalydyr öýtmediler. Şoňa görä-de, Hudaý olary azgyn höweslerine tabşyryp, edilmesiz zatlary etmeklerine ýol berdi.