1
Süleýmanyň pähimleri 3:5-6
Mukaddes Kitap
TukLat16
Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla. Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular.
Compare
Explore Süleýmanyň pähimleri 3:5-6
2
Süleýmanyň pähimleri 3:7
Özüňi akylly saýma; Rebden gork, ýamandan çekil.
Explore Süleýmanyň pähimleri 3:7
3
Süleýmanyň pähimleri 3:9-10
Rebbi bütin baýlygyň hem ilkinji hasylyň bilen hormatla. Şonda seniň ammaryň dolup-daşar, çelekleriň täze şerapdan joşar.
Explore Süleýmanyň pähimleri 3:9-10
4
Süleýmanyň pähimleri 3:3
Sadyk söýgiňi terk etme. Bagla olary boýnuňa. Ýüregiň gatyna ýazyp goý.
Explore Süleýmanyň pähimleri 3:3
5
Süleýmanyň pähimleri 3:11-12
Rebbiň terbiýesini terk etme, oglum. Onuň käýinjine gysynma. Çünki atanyň eý görýän ogluna temmi berşi ýaly, Reb hem söýenini terbiýeleýändir.
Explore Süleýmanyň pähimleri 3:11-12
6
Süleýmanyň pähimleri 3:1-2
Oglum, unutma öwredenlerimi, buýruklarymy kalbyňda sakla. Çünki olar ömrüň ýyllaryny uzaldar, abadanlygyňy köpelder.
Explore Süleýmanyň pähimleri 3:1-2
7
Süleýmanyň pähimleri 3:13-15
Danalyk tapan, düşünje gazanan adam bagtlydyr. Çünki onuň girdejisi kümüşden, peýdasy altyndan artykdyr. Danalyk jöwherden gymmat, hiç bir arzyly zat oňa taý gelmez.
Explore Süleýmanyň pähimleri 3:13-15
8
Süleýmanyň pähimleri 3:27
Eliňden gelýärkä, mätäçlerden ýardamyňy aýama.
Explore Süleýmanyň pähimleri 3:27
9
Süleýmanyň pähimleri 3:19
Reb danalyk bilen jahany bina etdi; düşünje bilen gökleri ýerleşdirdi.
Explore Süleýmanyň pähimleri 3:19