1
Süleýmanyň pähimleri 11:25
Mukaddes Kitap
TukLat16
Sahy adamyň berekedi artar, suw berene suw berler.
Compare
Explore Süleýmanyň pähimleri 11:25
2
Süleýmanyň pähimleri 11:24
Biri bar paýlaýandyr, baýlygy bolsa artýar. Biri bar – gaty gysyk, diňe mätäçlige gowuşýar.
Explore Süleýmanyň pähimleri 11:24
3
Süleýmanyň pähimleri 11:2
Tekepbirlik gelse, masgaraçylyk gelýändir, akyldarlyk bolsa kiçigöwünliler bilendir.
Explore Süleýmanyň pähimleri 11:2
4
Süleýmanyň pähimleri 11:14
Maslahatsyz millet heläk bolýandyr, maslahatçy köp bolan ýerde ýeňiş bar.
Explore Süleýmanyň pähimleri 11:14
5
Süleýmanyň pähimleri 11:30
Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr, akyldar adam ynsanlary gazanýar.
Explore Süleýmanyň pähimleri 11:30
6
Süleýmanyň pähimleri 11:13
Gybatkeş başganyň syryny paş edýändir, ynamdar göwün syrdaş bolýandyr.
Explore Süleýmanyň pähimleri 11:13
7
Süleýmanyň pähimleri 11:17
Merhemetli özüne peýda getirýär, zalym bolsa özüne zyýan edýär.
Explore Süleýmanyň pähimleri 11:17
8
Süleýmanyň pähimleri 11:28
Baýlygyna baýrynýan ýykylar, dogrular bolsa täze baldak ýaly öser.
Explore Süleýmanyň pähimleri 11:28
9
Süleýmanyň pähimleri 11:4
Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir, dogruçyllyk bolsa ölümden gutarar.
Explore Süleýmanyň pähimleri 11:4
10
Süleýmanyň pähimleri 11:3
Dogry adamyň dogruçyllygy oňa ýol görkezýändir, dönügiň hilegärligi bolsa ony heläk edýändir.
Explore Süleýmanyň pähimleri 11:3
11
Süleýmanyň pähimleri 11:22
Salykatlylykdan ýüz öwren görmegeý aýalyň ýagdaýy doňzuň burnuna dakylan altyn ysyrga ýalydyr.
Explore Süleýmanyň pähimleri 11:22
12
Süleýmanyň pähimleri 11:1
Rebbiň ýigreneni galp terezidir, dogry ölçegden bolsa göwni hoş bolýandyr.
Explore Süleýmanyň pähimleri 11:1