1
Çölde 22:28
Mukaddes Kitap
TukLat16
Onsoň Reb eşege dil bitirdi we eşek Bilgama: «Meni üç gezek beýle ýenjer ýaly, men saňa näme etdim?» diýdi.
Compare
Explore Çölde 22:28
2
Çölde 22:31
Mundan soň Reb Bilgamyň gözüni açdy. Ol eli syrylan gylyçly Rebbiň perişdesiniň ýolda durandygyny gördi. Bilgam tagzym edip, özüni ýüzinligine ýere goýberdi.
Explore Çölde 22:31
3
Çölde 22:32
Rebbiň perişdesi oňa şeýle diýdi: «Näme üçin sen eşegiňi üç gezek urduň? Men duşman hökmünde saňa päsgel bermek üçin çykdym, sebäbi sen Meniň nazarymda gabahat ýoldan barýarsyň.
Explore Çölde 22:32
4
Çölde 22:30
Şonda eşek Bilgama: «Men seniň bütin ömrüňe münüp ýören eşegiň dälmi näme? Heý, mundan ozal şeýle gylyk görkezipmidim?» diýdi. Bilgam: «Ýok» diýip jogap berdi.
Explore Çölde 22:30
5
Çölde 22:29
Bilgam eşege: «Sebäbi sen meni däliretdiň! Eger elimde gylyç bolsady, seni häziriň özünde öldürerdim!» diýip jogap berdi.
Explore Çölde 22:29
6
Çölde 22:27
Eşek bu gezek Rebbiň perişdesini görüp, Bilgamyň astynda aşak çöküp ýatyberdi. Muňa Bilgamyň gaty gahary gelip, hasasy bilen ol janawary urmaga başlady.
Explore Çölde 22:27