1
Çölde 13:30
Mukaddes Kitap
TukLat16
Negep ülkesinde amalekler, daglyk ýerlerde hetler, ýabuslar, amorlar, deňiz ýakasynda we Iordan derýasynyň boýunda bolsa kenganlar ýaşaýan ekenler».
Compare
Explore Çölde 13:30
2
Çölde 13:33
Şeýlelikde, olar görüp gelen ýurdy hakynda ysraýyllara ýakymsyz zatlar aýdyp, şeýle diýdiler: «Biziň synlamak üçin içinden geçen ýurdumyz öz ilatyny özi iýip ýören ýurt eken. Ol ýerde ýaşaýan adamlaryň hemmesi gaty iri adamlar eken.
Explore Çölde 13:33
3
Çölde 13:31
Emma Kalep Musanyň öňünde duran halkyň sesini kesip: «Derrew gideliň-de, ol ýurdy basyp alalyň, çünki olary ýeňmäge biziň hökman güýjümiz ýeter» diýdi.
Explore Çölde 13:31
4
Çölde 13:32
Onuň bilen giden adamlar bolsa: «Biz ol halkyň garşysyna çykyp bilmeris, çünki olar bizden has güýçli» diýdiler.
Explore Çölde 13:32
5
Çölde 13:27
Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler.
Explore Çölde 13:27
6
Çölde 13:28
Olar Musa şeýle diýdiler: «Biz seniň iberen ýurduňa bardyk. Ol ýerde, hakykatdanam, süýt we bal akýar, ine, bular hem şol ýeriň miwelerinden.
Explore Çölde 13:28
7
Çölde 13:29
Emma ol ýerde ýaşaýan halk biçak güýçli eken. Olaryň galalary berk diwarly we örän uly. Hatda ol ýerde biz Anagyň nesillerini-de gördük.
Explore Çölde 13:29
8
Çölde 13:26
Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar.
Explore Çölde 13:26