Soňra men olara: «Iýerusalimiň haraba öwrülip, onuň derwezeleriniň oda ýanandygy zerarly biziň nähili ejir çekýändigimizi siziň özüňiz görüp dursuňyz. Mundan artyk wejera bolup ýörmezlik üçin, geliň, Iýerusalimiň diwaryny dikeldeliň!» diýdim. Men olara Hudaýymyň maňa nähili kömek edendigini we patyşanyň maňa aýdan zatlaryny gürrüň berdim. Onsoň olar: «Geliň, işe başlalyň!» diýşip, bu oňat iş üçin billerini berk guşadylar.