Olar ýaşulular bilen ýygnanyşyp, maslahat geçirenlerinden soň, esgerlere köp pul berip: «Siz halka: „Biz gije ýatyrkak, şägirtleri gelip, Onuň jesedini ogurlap gidipdirler“ diýiň. Bu habar häkimiň gulagyna baryp ýetse, ony ynandyryp, biz sizi aladadan dyndararys» diýdiler. Garawullar puly alyp, özlerine buýrulyşy ýaly etdiler. Bu gürrüň ýahudylaryň arasynda şu güne çenli hem dowam edip gelýär.