1
Matta 15:18-19
Mukaddes Kitap
TukLat16
Emma agyzdan çykan zatlar ýürekden çykyp, adamy murdar edýär. Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr.
Compare
Explore Matta 15:18-19
2
Matta 15:11
Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, adamy agyzdan çykýan zat murdar edýändir» diýdi.
Explore Matta 15:11
3
Matta 15:8-9
„Bu halk Meni dilinde hormatlaýar, emma ýürekleri Menden uzakdadyr. Biderek ýere Maňa sežde edýärler, taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“».
Explore Matta 15:8-9
4
Matta 15:28
Şonda Isa oňa: «Eý, zenan, seniň imanyň beýik! Saňa isleýşiň ýaly bolsun!» diýdi. Ol aýalyň gyzy şol sagadyň özünde sagaldy.
Explore Matta 15:28
5
Matta 15:25-27
Emma ol aýal ýene-de Isanyň golaýyna gelip, dyza çökdi-de: «Agam, maňa kömek et» diýip ýalbardy. Isa oňa: «Çagalaryň çöregini alyp, itlere zyňmak dogry däldir» diýdi. Aýal hem: «Hawa, Agam! Ýöne itler hem saçak başynda dökülen çörek owuntyklaryndan iýýändir» diýdi.
Explore Matta 15:25-27
Home
Bible
Plans
Videos