1
Lewiler 26:12
Mukaddes Kitap
TukLat16
Men siziň araňyzda bolup, siziň Hudaýyňyz bolaryn, sizem Meniň halkym bolarsyňyz.
Compare
Explore Lewiler 26:12
2
Lewiler 26:3-4
Eger siz Meniň parzlaryma eýerip, tabşyryklarymy saklap, olary ak ýürekden berjaý etseňiz, Men siziň ýerleriňize gerek wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Ýer hasyl berer, meýdan agaçlary-da miwe getirer.
Explore Lewiler 26:3-4
3
4
Lewiler 26:6
Men ýurda parahatçylyk bererin. Siz arkaýyn ýatyp turarsyňyz. Sizi gorkuzan bolmaz. Men ýurtdaky wagşy haýwanlaryň ýoguna ýanaryn. Ýurduňyzda uruş bolmaz.
Explore Lewiler 26:6
5
Lewiler 26:9
Men sizi ýalkap, size köp çaga berip, sanyňyzy köpelderin. Men siziň bilen eden ähtimi saklaryn.
Explore Lewiler 26:9
6
Lewiler 26:13
Müsürlileriň guly bolup galmasynlar diýip, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb Mendirin. Sizi olaryň elinden azat edip, başyňyzy dik tutduryp ýöreden Mendirin.
Explore Lewiler 26:13
7
Lewiler 26:11
Men siziň araňyzda mesgen tutaryn. Men hiç haçan sizden ýüz öwürmerin.
Explore Lewiler 26:11
8
Lewiler 26:1
Özüňize butlar ýasamaň, heýkeller we uly daşlar dikmäň. Sežde etmek üçin ýurduňyzda oýma daş dikmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.
Explore Lewiler 26:1
9
Lewiler 26:10
Siz uzak wagtlap saklanan öňki köne gallany iýersiňiz. Täze hasyla ýer açmak üçin, siz köne hasyly çykaryp taşlamaly bolarsyňyz.
Explore Lewiler 26:10
10
Lewiler 26:8
Bäşiňiz ýüzden, ýüziňiz müňden üstün çykarsyňyz. Uruşda duşmanlaryňyzy gyrarsyňyz.
Explore Lewiler 26:8
11
Lewiler 26:5
Ekinleriňiz şeýle bir köp hasyl getirer welin, döwegiňiz üzüm ýygymyna çenli dowam eder. Üzüm ýygymy galla ekişine çenli dowam eder, çöregiňizi doýup iýersiňiz, ýurduňyzda howpsuzlykda ýaşarsyňyz.
Explore Lewiler 26:5
12
Lewiler 26:7
Siz duşmanlaryňyzdan üstün çykarsyňyz. Uruşda duşmanlaryňyzy gyrarsyňyz.
Explore Lewiler 26:7
13
Lewiler 26:2
Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetirip, Meniň mukaddes öýüme hormat goýuň. Reb Mendirin.
Explore Lewiler 26:2