1
Ýeşuwa 10:13
Mukaddes Kitap
TukLat16
Halk duşmanyndan ar alyp bolýança, Gün saklandy we Aý durdy. Bu Ýaşur kitabynda ýazylgy dälmi eýsem? Hawa, Gün asmanyň ortasynda saklandy we uzynly gün diýen ýaly ýaşmaga howlukmady.
Compare
Explore Ýeşuwa 10:13
2
Ýeşuwa 10:12
Rebbiň amorlary ysraýyllaryň eline beren güni, Ýeşuwa Reb bilen gepleşdi we ysraýyllaryň gözleriniň alnynda şeýle diýdi: «Eý, Gün, dur, Gibgonyň üstünde! Eý, Aý, dur, Aýalon deräniň üstünde!»
Explore Ýeşuwa 10:12
3
Ýeşuwa 10:14
Rebbiň adamzadyň sesini eşiden şol güni ýaly gün öňde-soňda hiç haçan bolmandy, çünki Reb ysraýyllar üçin söweşdi.
Explore Ýeşuwa 10:14
4
Ýeşuwa 10:8
Reb oňa: «Gorkma, ol hanlaryň ählisini Men seniň eliňe berdim. Olaryň hiç biri seniň öňüňde durup bilmez» diýdi.
Explore Ýeşuwa 10:8
5
Ýeşuwa 10:25
Ýeşuwa ýene-de ol ýolbaşçylara: «Gorkmaň we dowla düşmäň! Dözümli we mert boluň! Çünki Reb siziň bilen söweşýän her bir duşmany şeýle etjekdir» diýdi.
Explore Ýeşuwa 10:25