1
Ýeşuwa 1:9
Mukaddes Kitap
TukLat16
Men saňa şeýle buýruk berýändirin: dözümli hem mert bol! Gorkma we dowla düşme, çünki sen nirä gitseň-de, nirede bolsaň-da, Hudaýyň Reb seniň bilendir!»
Compare
Explore Ýeşuwa 1:9
2
Ýeşuwa 1:8
Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar.
Explore Ýeşuwa 1:8
3
Ýeşuwa 1:7
Diňe dözümli hem mert bol! Gulum Musanyň özüňe tabşyran tutuş kanunyny dykgat bilen ýerine ýetir. Nirä gitseň-de üstünlik gazanar ýaly, olardan hiç ýana sowulma.
Explore Ýeşuwa 1:7
4
Ýeşuwa 1:5
Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn.
Explore Ýeşuwa 1:5
5
Ýeşuwa 1:6
Dözümli hem mert bol! Meniň olaryň ata-babalaryna ant içip, söz beren ýerimi eýelemekde sen şu halka ýolbaşçy bolmalysyň.
Explore Ýeşuwa 1:6
6
Ýeşuwa 1:3
Edil Musa söz berşim ýaly, her bir aýak basjak ýeriňizi Men size berjekdirin.
Explore Ýeşuwa 1:3
7
Ýeşuwa 1:2
«Meniň gulum Musa öldi. Indi Meniň ysraýyllara berýän ýerime barmak üçin, seniň özüň hem tutuş halk Iordan derýasyndan geçmäge taýýarlanyň.
Explore Ýeşuwa 1:2
8
Ýeşuwa 1:1
Reb Özüniň guly Musa ölenden soň, onuň kömekçisi Nun ogly Ýeşuwa şeýle diýdi
Explore Ýeşuwa 1:1
9
Ýeşuwa 1:4
Günortadaky çölden başlap, demirgazykdaky Liwan daglaryna çenli, hetleriň tutuş ülkesi, gündogardaky beýik Ýewfrat derýasyndan günbatardaky Ortaýer deňzine çenli ýerler siziňki bolar.
Explore Ýeşuwa 1:4
10
Ýeşuwa 1:18
Kimde-kim seniň sözüňe garşy çykyp, seniň tabşyran her bir buýrugyňa boýun bolmasa, onuň jezasy ölümdir. Diňe dözümli hem mert bol!»
Explore Ýeşuwa 1:18
11
Ýeşuwa 1:11
«Düşelgäniň içinden geçiň we ilata: „Ýol üçin azyk harajadyňyzy taýýarlaň, sebäbi siz ýene üç günden Iordan derýasyndan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýerini eýelemäge gidersiňiz“ diýip tabşyryk beriň».
Explore Ýeşuwa 1:11