1
Işaýa 66:2
Mukaddes Kitap
TukLat16
Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.
Compare
Explore Işaýa 66:2
2
Işaýa 66:1
Reb şeýle diýýär: «Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?!
Explore Işaýa 66:1
3
Işaýa 66:13
Enäniň çagasyna teselli berşi dek, Menem size teselli bererin. Siz Iýerusalimde teselli taparsyňyz».
Explore Işaýa 66:13
4
Işaýa 66:22-23
«Meniň ýaratjak täze gögümiň, täze ýerimiň gözümiň alnynda duruşlary ýaly, siziň nesilleriňiz bilen adyňyz-da şeýle bolar. Her Täze Aý baýramynda, her Sabatda ähli ynsanlar huzuryma gelip, Maňa ybadat ederler». Muny Reb aýdýandyr.
Explore Işaýa 66:22-23