1
Işaýa 60:1
Mukaddes Kitap
TukLat16
Tur, parla, nuruň geldi, üstüňde Rebbiň şöhraty dogdy.
Compare
Explore Işaýa 60:1
2
Işaýa 60:3
Milletler yşygyňa gelerler, şalar daňyňyň ýagtysyna.
Explore Işaýa 60:3
3
Işaýa 60:2
Ine, ýer ýüzüni garaňkylyk, halklary tüm garaňkylyk bürär; seniň üstüňde bolsa Reb peýda bolar, üstüňde bolar Onuň şöhraty.
Explore Işaýa 60:2
4
Işaýa 60:22
Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi; Men – Reb muny öz wagtynda tiz amal ederin.
Explore Işaýa 60:22
5
Işaýa 60:19
Mundan beýläk gündizine Gün yşygyň bolmaz, gijesine Aý saňa yşyk bermez; çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, şöhratyň öz Hudaýyň bolar.
Explore Işaýa 60:19
6
Işaýa 60:20
Mundan beýläk Günüň batmaz, Aýyň ýaşmaz, çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, ýasly günleriň tamam bolar.
Explore Işaýa 60:20
7
Işaýa 60:5
Şonda olary görüp, ýüzüň ýagtylar, şatlykdan tirpildär ýüregiň, çünki baýlyk deňiz üsti bilen saňa getiriler, milletleriň baýlygy saňa geler.
Explore Işaýa 60:5
8
Işaýa 60:4
Töwerege ser sal, galdyr başyňy, ählisi üýşüşip, saňa gelýärler. Ogullaryň uzakdan gelerler, gujakda göteriler gyzjagazlaryň.
Explore Işaýa 60:4
9
Işaýa 60:21
Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.
Explore Işaýa 60:21
10
Işaýa 60:18
Ýurduňda mundan beýläk zorluk, serhetleriň içinde weýrançylyk, gyrgynçylyk bolmaz; Hudaý halas edýär, alkyş bolsun Hudaýa.
Explore Işaýa 60:18
11
Işaýa 60:11
Derwezeleriň açyk bolar mydam, milletleriň öz patyşalarynyň baştutanlygynda baýlyklaryny saňa getirerleri ýaly, gije-gündiz ýapylmaz.
Explore Işaýa 60:11
12
Işaýa 60:6
Sen düýe sürülerinden, Midýan, Eýpa köşeklerinden dolarsyň; bütin Şeba halky geler. Olar altyndyr ýakymly ysly tütetgi getirip, Rebbe alkyş aýdarlar.
Explore Işaýa 60:6
13
Işaýa 60:10
Kesekiler diwarlaryňy dikerler, olaryň şalary saňa hyzmat ederler; gazabymda seni jezalandyrdym, ýöne mährimde rehim etdim saňa.
Explore Işaýa 60:10
14
Işaýa 60:15
Terk edilip, ýigrenilip, üstüňden hiç kim geçmedi. Indi bolsa Men seni baky beýik, nesilden-nesle şatlyk ederin.
Explore Işaýa 60:15
15
Işaýa 60:16
Milletleriň süýdüni emersiň, Sorarsyň şalaryň göwsün. Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilersiň.
Explore Işaýa 60:16