1
Işaýa 6:8
Mukaddes Kitap
TukLat16
Soňra Rebbiň sesini eşitdim. Ol: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýdi. Men: «Ine, men; meni iber!» diýdim.
Compare
Explore Işaýa 6:8
2
Işaýa 6:3
Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».
Explore Işaýa 6:3
3
Işaýa 6:5
Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi».
Explore Işaýa 6:5
4
Işaýa 6:1
Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy.
Explore Işaýa 6:1
5
Işaýa 6:7
Seraf közi agzyma degrip, şeýle diýdi: «Ine, bu köz dodaklaryňa degdi. Indi ýazyklaryň aýryldy, günäleriňden saplandyň».
Explore Işaýa 6:7
6
Işaýa 6:2
Onuň ýokarsynda seraflar durdy; hersiniň alty ganaty bardy. Olar ganatlarynyň ikisi bilen ýüzlerini, beýleki ikisi bilen aýaklaryny büreýärdiler, galan ikisi bilen-de uçýardylar.
Explore Işaýa 6:2
7
Işaýa 6:6
Onsoň seraflaryň biri maňa tarap uçdy. Onuň elinde gurbanlyk sypasyndan ätişgir bilen alnan köräp duran köz bardy.
Explore Işaýa 6:6
8
Işaýa 6:9
Ol şeýle diýdi: «Bar-da bu halka: „Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmeýärsiňiz, seredip dursaňyz-da, hiç aňlamaýarsyňyz“ diý.
Explore Işaýa 6:9
9
Işaýa 6:10
Bu halkyň ýüregini kütelt, gulaklaryny ker et, gözlerini gap, gözleri bilen görmesin, gulaklary bilen eşitmesin, aňlary bilen aňlamasyn, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».
Explore Işaýa 6:10