1
Işaýa 54:17
Mukaddes Kitap
TukLat16
Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn». Muny Reb aýdýandyr.
Compare
Explore Işaýa 54:17
2
Işaýa 54:10
Daglar ýerinden gozgansa-da, depeler sarssa-da, sadyk söýgim senden aýrylmaz, sarsmaz parahatçylyk ähtim. Saňa rehim eden Reb diýýär muny.
Explore Işaýa 54:10
3
Işaýa 54:4
Gorkma, utanja galmarsyň sen; ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen; ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň, dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk.
Explore Işaýa 54:4
4
Işaýa 54:5
Ýaradyjyň seniň äriňdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir; Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir, Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.
Explore Işaýa 54:5
5
Işaýa 54:2
Çadyryňyň ýerini giňelt, mesgeniňiň perdelerini ger, gaýgyrma; tanaplaryňy uzalt, gazyklaryňy berkit.
Explore Işaýa 54:2
6
Işaýa 54:13
Ähli çagalaryň Rebden taglym alarlar, çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar.
Explore Işaýa 54:13
7
Işaýa 54:8
Gazap odunda senden bir salym ýüzümi gizledim, emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen». Muny Penakäriňiz Reb diýýär.
Explore Işaýa 54:8
8
Işaýa 54:7
«Men seni bir salym terk etdim, ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn.
Explore Işaýa 54:7
9
Işaýa 54:9
Bu Meniň üçin Nuhuň döwri kimindir, Nuhuň tupany ýer ýüzünde indi gaýtalanmaz diýip ant içişim ýaly, saňa-da gaharlanmaryn indi, hiç haçan käýemerin diýip ant içdim.
Explore Işaýa 54:9
10
Işaýa 54:12
Küňreleriňi lagyldan, derwezeleriňi jöwherden, gymmatbaha daşlardan ederin diwarlaryňy.
Explore Işaýa 54:12