1
Işaýa 43:19
Mukaddes Kitap
TukLat16
Ine, Men bir täze zat edýärin, ol häzir başlaýar, görmeýärmisiňiz? Men çölde ýol, sährada derýalar emele getirerin.
Compare
Explore Işaýa 43:19
2
Işaýa 43:2
Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.
Explore Işaýa 43:2
3
Işaýa 43:18
«Ýatlamaň öten zatlary, köne zatlara üns bermäň.
Explore Işaýa 43:18
4
Işaýa 43:1
Emma indi, eý, Ýakup, seni ýaradan, eý, Ysraýyl, seni döreden Reb şeýle diýýär: «Gorkma, çünki Men seni azat etdim, adyňy tutup çagyrdym, sen Meniňkisiň.
Explore Işaýa 43:1
5
Işaýa 43:4
Nazarymda eziz, gadyrly bolup, seni söýýändigim üçin, seniň öweziňe adamlar, halklar bererin janyňyň deregine.
Explore Işaýa 43:4
6
Işaýa 43:3
Men seniň Hudaýyň Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, seniň Halasgäriň. Men saňa töleg hökmünde Müsüri, seniň ýeriňe Efiopiýany, Sebany berdim.
Explore Işaýa 43:3
7
Işaýa 43:5
Gorkma, Men seniň bilendirin; perzentleriňi gündogardan, seni günbatardan getirerin.
Explore Işaýa 43:5
8
Işaýa 43:25
Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.
Explore Işaýa 43:25
9
Işaýa 43:10
Siz Meniň şaýadymsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz saýlan bendelerimsiňiz, Siz Meni bilip, Maňa ynam ediň, Meniň Şoldugyma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz.
Explore Işaýa 43:10
10
Işaýa 43:11
Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur.
Explore Işaýa 43:11
11
Işaýa 43:13
Owaldan bäri Men Olduryn. Elimden halas edip biljek ýokdur. Meniň edenimi ýatyryp biljek barmy?»
Explore Işaýa 43:13
12
Işaýa 43:20-21
Ýabany haýwanlar, şagallardyr düýeguşlar Meni hormatlarlar. Men Öz saýlan halkymy gandyrmak üçin çölde suwlar, sährada derýalar bilen üpjün etdim. Maňa alkyş aýtsynlar diýip, Özüm üçin ýaratdym bu halky.
Explore Işaýa 43:20-21
13
Işaýa 43:6-7
Demirgazyga: „Olary ber“, günorta: „Olary saklama“ diýerin; ogullarymy uzakdan, gyzlarymy ýeriň çetlerinden, Maňa degişli bolan her kesi, Öz şöhratym üçin ýaradanymy, şekil berip döredenimi getir.
Explore Işaýa 43:6-7
14
Işaýa 43:16-17-16-17
Deňizden ýol, çuň suwlardan ýoda açýar Reb, söweş arabalary, atlary, goşunlary söweşijileri bilen çykarýar Ol; olar ýykylyp, galyp bilmeýärler, öçürilýärler, pelteler dek söndürilýärler. Bulary edýän Reb şeýle diýýär
Explore Işaýa 43:16-17-16-17
15
Işaýa 43:15
Siziň Mukaddesiňiz, Ysraýyly Ýaradan, Patyşaňyz Reb Mendirin».
Explore Işaýa 43:15