1
Işaýa 11:2-3
Mukaddes Kitap
TukLat16
Rebbiň Ruhy: danalyk hem paýhas, maslahat hem güýç-gudrat, Rebbi bilmek hem Ondan gorkmak ruhy Onuň üstünde bolar. Ol Rebden gorkmakdan lezzet alar, görşüne görä höküm çykarmaz Ol, eşidişine görä karar çykarmaz.
Compare
Explore Işaýa 11:2-3
2
Işaýa 11:1
Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar, kökünden gögeren Şaha miwe berer.
Explore Işaýa 11:1
3
Işaýa 11:4
Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar. Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol, pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.
Explore Işaýa 11:4
4
Işaýa 11:5
Dogrulyk hem sadyklyk guşak bolar biline.
Explore Işaýa 11:5
5
Işaýa 11:9
Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar.
Explore Işaýa 11:9
6
Işaýa 11:6
Möjek bilen guzy bir ýerde ýaşar, bir ýerde ýatar gaplaň we owlak, göle, arslan we bir ýaşar mal biledir, olary bir ýaş bala bakar.
Explore Işaýa 11:6
7
Işaýa 11:10
Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar.
Explore Işaýa 11:10