1
Işaýa 1:18
Mukaddes Kitap
TukLat16
Reb şeýle diýýär: «Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar, gyrmyzy dek gyzyl bolsalar-da, ak ýüň dek bolarlar.
Compare
Explore Işaýa 1:18
2
Işaýa 1:19
Eger sözlerimi göwünjeňlik bilen diňleseňiz, ýurduň näz-nygmatyny iýersiňiz.
Explore Işaýa 1:19
3
Işaýa 1:17
Ýagşylyk etmegi öwreniň, adalaty agtaryň, ezýet çekýäni halas ediň, ýetimi goraň, dul hatyna arka duruň».
Explore Işaýa 1:17
4
Işaýa 1:20
Boýun gaçyryp, baş göteräýseňiz welin, sizi gylyç ýalmar». Muny Reb aýdýandyr.
Explore Işaýa 1:20
5
Işaýa 1:16
Ýuwnuň, tämizleniň, pis işleriňizi terk ediň gözümiň alnyndan, ýamanlyk etmegi bes ediň.
Explore Işaýa 1:16
6
Işaýa 1:15
Dileg edip elleriňizi galdyranyňyzda, size üns bermerin, näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr.
Explore Işaýa 1:15
7
Işaýa 1:13
Sadaka bermek biderekdir, ýakymly ysly tütetgiňiz Maňa nejislikdir. Täze Aý baýramynda, Sabat gününde pislik edýärkäňiz guraýan mejlisiňize, ýygnanyşygyňyza çydap bilmeýärin.
Explore Işaýa 1:13
8
Işaýa 1:3
Öküz öz eýesini tanaýar, eşek-de eýesiniň ahyryny, emma Ysraýyl Meni tanamaýar, halkym Maňa düşünmeýär».
Explore Işaýa 1:3
9
Işaýa 1:14
Ýürekden ýigrenýärin Täze Aý we beýleki baýramlaryňyzy. Bular Maňa ýük boldular, ýadadym Men olary götermekden.
Explore Işaýa 1:14