1
Ester 6:1-2
Mukaddes Kitap
TukLat16
Şol gije patyşanyň gözüne uky gelmän, ol köşgüň ýyl ýazgylaryny getirmegi buýurdy. Ony patyşanyň öňünde okadylar. Ondan patyşanyň gapy saklaýan agtalary Bigtana bilen Tereşiň Kserks patyşanyň janyna kast etmek niýetleriniň bardygy barada Mordekaýyň aýdan zatlary hakyndaky ýazgy tapyldy.
Compare
Explore Ester 6:1-2
2
Ester 6:6
Şeýdip, Haman içeri girdi. Patyşa ondan: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna näme edilse, gowy bolar?» diýip sorady. Haman öz içinden: «Patyşa menden başga kimi şeýle hormatlasyn?» diýip pikirlendi.
Explore Ester 6:6
3
Ester 6:10
Soňra patyşa Hamana: «Dessine şa lybaslaryny we aty al-da, patyşa köşgüniň derwezesinde oturýan Mordekaý ýahudyny edil aýdyşyň ýaly et. Ýaňky aýdanlaryňyň ýekejesi-de kem bolmasyn» diýdi.
Explore Ester 6:10