1
Wagyz 11:9
Mukaddes Kitap
TukLat16
Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder.
Compare
Explore Wagyz 11:9
2
Wagyz 11:10
Gaýgyny ýüregiňden çykar, azaby bedeniňden daşlaşdyr, çünki ýaşlyk-da, juwanlyk-da gysga wagtlykdyr.
Explore Wagyz 11:10
3
Wagyz 11:4
Ýele seredýän ekin ekmez; bulutlara bakýan orak ormaz.
Explore Wagyz 11:4
4
Wagyz 11:5
Ýeliň ýoluny we göwreli enäniň göwresindäki çaga nädip jan girýänini bilmeýşiň ýaly, sen hemme zady ýaradan Hudaýyň işlerini-de bilýän dälsiň.
Explore Wagyz 11:5
5
Wagyz 11:6
Tohumyňy irden sep, agşam-da eliň boş durmasyn. Çünki sen haýsy işiň bähbitli boljakdygyny bilýän dälsiň.
Explore Wagyz 11:6
6
Wagyz 11:2
Emlägiňi ýedi, hatda sekiz kişä paýla, çünki sen bu dünýäde nähili betbagtçylygyň boljakdygyny bilýän dälsiň.
Explore Wagyz 11:2