Ol güýçlenip kuwwatlanar, ýöne bu onuň öz güýji bilen bolmaz. Ol elhenç weýrançylyklar getirer, edýän işi rowaçlanar. Ol güýçlüleri we mukaddes adamlary heläk eder. Öz danalygy bilen hilegärlikde üstünlik gazanar we ýüreginde özüni beýgelder. Duýdurmazdan köp halky ýok eder, hatda hökümdarlaryň Hökümdaryna garşy çykar. Emma onuň özi ynsan eli degmezden synar.