Soňra Şawul öz hyzmatkärlerine: «Maňa bir porhan aýal tapyň. Men onuň ýanyna gidip, ondan bir zady haýyş etjek» diýdi. Hyzmatkärler oňa: «Endorda bir porhan bar» diýdiler. Şawul başga geýim geýip, daşky görnüşini üýtgetdi we ýanyna-da iki adam alyp, gije ol aýalyň ýanyna gitdi. Ol: «Meniň üçin ruhlara ýüz tut we adyny tutjak kişimi çagyr» diýdi.